Ï Elektrik energiýasynyň öndürilişi barha artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Elektrik energiýasynyň öndürilişi barha artýar

view-icon 5576

«Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň Balkanabat döwlet elektrik bekedi diňe bir günbatar sebitiň däl, eýsem tutuş Diýarymyzyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini pugtalandyrmakda mynasyp orny eýeleýär. Kärhanada bitirilýän işler bolsa ýokary hil derejesi we netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Balkan welaýatynyň çäklerinde täze önümçilik desgalarynyň gurluşygynyň üstünlikli alnyp barylmagy, uglewodorod çig malyna baý ýataklaryň yzygiderli özleşdirilmegi, senagatyň energiýany köp talap edýän pudaklarynda önümleriň çykarylýan möçberleriniň ýokarlanmagy bütin sebit boýunça elektrik energiýasynyň öndürilişiniň artdyrylmagynyň möhümdigini kesgitleýär. Muňa oňat düşünýän balkanabatly energetikler ýylyň—ýylyna bolşy ýaly, şu ýylyň geçen döwrüni hem ýokary görkezijiler bilen jemlemegiň hötdesinden geldiler. Häzir bu kuwwatly desgany hünärmenleriň onlarçasy kämil kompýuter ulgamlary arkaly birnäçe çalşykda ygtybarly dolandyrýarlar. Beketde köp möçberde öndürilýän elektrik energiýasy günbatar sebiti doly üpjün edýär. Artykmaç tok bolsa ýurduň bitewi elektrik ulgamyna gönükdirilýär.

Balkanabat döwlet elektrik bekediniň önümçilik desgalarynda elektrik energiýasynyň öndürilişi ep-esli derejede artdyryldy. Netijede bu beket ýurdumyzda kuwwatlylygy boýunça elektrik energiýasyny öndürýän güýçli gaz turbinaly desgalaryň birine öwrüldi. Kärhanada şu ýylyň geçen birinji çärýeginde meýilnama boýunça 545 million kilowatt sagada derek 555 million 913 müňden gowrak kilowatt sagat elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere saz we bökdençsiz ýetirildi. Munuň özi, degişli meýilnamanyň 102 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar.