Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry özbek dramaturgy Nurullo Abboshonyň pýesasy esasynda «Körpe gelin» spektaklyny sahnalaşdyrdy.
Bu spektaklyň ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnalarynda birnäçe gazek goýlandygyny bellemek gerek. Bu özboluşly gülküli oýun paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynyň sahnasynda goýuldy we häzirem tomaşaçylara görkezilýär. Her bir oýun goýujy režisýor ogullar we gelinler baradaky könelmeýän mowzugy barada öz pikirini beýan edýär.

Ugurtapyjy gaýyn ene Karimanyň öz ogly üçin saýlan sada oba gyzy Mähribanyň ykbaly tomaşaçylaryň kalbynda täze-täze seslenme tapýar. Ýagdaý öz-özünden gülki döredýär. Ogly Bagtyýar sesini çykarmasa-da, ejesiniň saýlan gyzyndan närazydygy bildirýär. Ýaş gelniň egin-eşiginden başlap, onuň ýörişine çenli hiç zat oňa ýaramaýar. Ýüregi ýuka Karima gyza kömek etmek mümkinçiligini sypdyrman ýagdaýy öz eline alýar.

Özbek dramaturgynyň pýesasy türkmen teatrlary üçin täzelik däl. Muňa garamazdan oýny goýujy rejissýor Gurbanberdi Hallowow spektakla täzeçe çemeleşip, ondaky dartgynly wakalara dramatizmiň äheňlerini goşmaga çalyşdy. Teatra gelip, oýna tomaşa etmeklik diňe bir güýmenje bolman, eýsem esasy wakalar hakynda pikirlenmäge sebäpdir — diýip, Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň ýolbaşçysy Ata Gullarow gürrüň berdi.

Teatryň sahna bezegçisi Merdan Çaryýewiň işi belleäp geçmeklige mynasypdyr. Sahnany bezemek işleri alty aýlap dowam etdi. Dostluk halkyň milli baý medeni bölegi bolan milli özbek egin-eşikleri ymykly öwrenildi. Şonuň üçin oýun şowly we gyzykly çykdy. Tiz wagtda «Körpe gelin» spektakyly Marynyň teatr repertuarynda öz ornuny eýelär.