Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzyň medeniýet toplumyna degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň ýagşy işleriň berjaý bolýan mübärek Remezan aýynda halkymyza eden sowgadynyň ähmiýetlidiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Bu ýerde geçirilen dabara gatnaşyjylar öňi bilen teatryň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda dürli görnüşli kitaplar, amaly-haşam sungatynyň eserleri goýlupdyr. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň zehininden kemal tapan kitaplara, gymmatly eserlere aýratyn orun berlipdir. Dabaraly çärä gatnaşýan döredijilik işgärleri, sungat ussatlary sergide görkezilýän kitaplar bilen içgin tanyşdylar.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp filosofik-edebi eseriniň taryhyň dowamynda şöhratly pederlerimiziň döreden we döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny şertlendiren kitap bolmak bilen, onuň many-mazmun babatdaky ähmiýetini nygtadylar.