30-njy aprelde dünýä ýurtlarynyň köpüsinde, şol sanda Türkmenistanda hem Halkara jaz güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň tanymal döredijilik toparlarynyň we aýdymçy-sazandalarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi.
Jaz geçen asyryň onunjy ýyllarynda ABŞ-nyň günortasynda kemala gelýär. Şondan bäri tutuş dünýäde bu wokal-instrumental sazyň muşdaklary we ony ýerine ýetirijileri köpeldi. 2011-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasy jazy halkara gatnaşyklarynyň we özara düşünişmegiň nyşany hökmünde, 30-njy apreli Halkara jaz güni diýip yglan etdi.
Türkmen sazandalary diňe bir nusgawy jaz sazlaryny çalmany, eýsem oňa milli äheňleri hem goşýarlar. Bu konsertde hem türkmen sazandalary dürli tilsimlere baý sazyň ähli görnüşlerini görkezdiler.
Kompozitor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow ak roýalda Aşyr Weliýew (kontrabasda) we Arslan Aşyrow (depreklerde) bilen bilelikde özüniň «Awaza» sazyny özboluşly jaz usulynda ýerine ýetirdi. Tomaşaçylar saza kybap el çarpyşyp, sazandalary şatlykly goldadylar.
«Güneş» topary hem şowhunly we joşgunly çykyş etdi. Öň döredilen iň gowy ýörelgelerini dowam edýän häzirki sazandalar etno-jaz stilinde kompozisiýalary döredýärler.
Şeýle hem konsertde belli adaty jaz kompozisiýalary-da ýaňlandy. Dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Sing, Sing», «Misty» we beýleki sazlary ýerine ýetirdi.
Aýdymçy Bahar Durdyýewa pianinoçy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow bilen bilelikde çykyş etdi. Konsert Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandarlygynda Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň ýerine ýetirmeginde «Aşgabat» aýdymy bilen tamamlandy.