Ï Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy

view-icon 5048

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de beýleki döwletleriň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini we “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Gyrgyz Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümlerini hem-de nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 37 million 392 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gazagystan Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 1 million 655 müň 500 manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 13 million manatlykdan gowrak bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.