Ï Aşgabatda “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahatlaryny geçirmek bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahatlaryny geçirmek bellenildi

view-icon 10527

Türkmenistanyň Hazar deňziniň sebitinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklary berkitmek we bu ugurda degişli döwlet edaralarynyň işgärlerini okatmak, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 16 — 27-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzi institutynyň we Halkara ummanlar institutynyň hyzmatdaşlyk etmeginde “Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahatlaryny geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Hazar deňzi institutyna halkara okuw maslahatlarynyň talabalaýyk guralmagyny hem-de geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.