mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanly talyplar «MagistriUm» olimpiadasynda kümüş baýrak eýelediler

view-icon 2818

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň sekizisi Kazan Federal Uniwersitetiniň (Kazan ş. Russiýa Federasiýasy) geçiren «MagistriUm» olimpiadasynda kümüş baýraga mynasyp boldular.

«MagistriUm» olimpiadasynyň filologiýa ugrundan ikinji (jemleýji) tapgrynyň netijesi boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary ikinji orny eýelediler.

Döwletmämmet Azady adyndaky TDDMI-niň talyplarynyň bäşisi – Laçyn Şamuhammedowa, Eziz Mollaýew, Bahar Töräýewa, Aýgül Çaryýewa we Aýgül Taganowa olimpiadanyň «Filologiýa tapgyrynyň derslerini okatmagyň taglymaty we usulýeti» ugrundan iňlis dili we edebiýaty boýunça tapawutlandylar.

Bu institutyň talyby Bibimerýem Usmanowa «Gündogary öwreniş» ugrundan çykyş edip, arap dili boýunça gowy taýýarlygyny görkezdi.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Gurbansoltan Rejebowa bilen Ýaran Hudaýberdiýew bäsleşigiň «Global Governance and Leadership: Languages and culture» («Ählumumy dolandyryş we liderlik: Diller hem-de medeniýet») ugrundan baýrakly ikinji orny eýelediler.

Olimpiada rus we iňlis dillerinde geçirildi. Filologiýa tapgyryndan dersler boýunça olimpiadalara russiýaly we daşary ýurtly talyplaryň müňe golaýy gatnaşdy.

Intelelktual bäsleşik ugurlaryň köpüsini öz içine alyp, oňa gatnaşýanlara bilimiň matematika, himiýa, biologiýa, ekologiýa, informatika, fizika, taryh we beýleki ugrularynda bilimini görkezmäge mümkinçilik berýär.

«MagistriUm» her ýyl bakalawr taýýarlygyndan (3-4-nji ýyl) spesilaitet (4-5-nji ýyl) ugurlaryndan soňky ýyl okaýan we Russiýa Federasiýasy sewbitleriniň hem-de okuwyny magistratura maksatnamasy boýunça Russiýanyň ýokary okuw mekdebinde we onuň düzümlerinde dowam etmek isleýänler üçin her ýyl geçirilýän olimpiadadyr. Olimpiadanyň ýeňijileriniň we onda baýrakly orunlary eýelänleriň gazanan netijeleri giriş synaglarynda göz öňünde tutulýar.

Olimpiada zehinli ýaşlaryň akademiki ösüşine, magistraturada okamaga çekmäge gönükdirilen ylyma döreijilik ukybyny we islegini ýüze çykarmak hem-de ösdürmek, olaryň okuw-paýhas we ylmy-barlag işini höweslendirmek, talyplary goldamak üçin zerur şertleriň döretmek maksady bilen geçirilýär.