Ï Döwlet Baştutanymyz Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandy (NDС) tassyklady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandy (NDС) tassyklady

view-icon 8207

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasyndan, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyndan we Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandy (NDС) tassyklanyldy.

Daşary işler ministrligine Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandynyň (NDС) nusgasyny Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatyna ibermek tabşyryldy.