mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili halkara webinara gatnaşdy

view-icon 1976
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili halkara webinara gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili Sanitariýa we fitosanitariýa düzgünleri gowulandyrmak üçin öňdebaryjy kadalaşdyryjy tejribe babatda sanly ulgam arkaly okuw maslahatynyň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugynyň habar Aziýa Ösüş Bankynyň we Bütindünýä Söwda Guramasynyň Standartlary we söwdany ösdürmek baradaky gaznasynyň bilelikdäki guran bu okuw maslahatynda öňdebaryjy kadalaşdyryjy tejribäniň söwda ýardamy hem-de onuň sanitariýa we fitosanitariýa düzgünleri gowulandyrmakdaky orny ara alyp maslahatlaşyldy.

Öňdebaryjy kadalaşdyryjy tejribe – bu düzgünleşdirilişiň hilini ýokarlandyrmaga we onuň netijeliligini, aýdyňlygyny we dowamlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara derejesinde ykrar edilen ulgamlar, gurallar we usullardyr. Bu tejribeler söwdany ýeňilleşdirmek üçin oňyn sanitariýa we fitosanitariýa düzgünleri işläp taýýarlamakda ulanylyp bilner.

Okuw maslahatynyň dowamynda, Bütindünýä Söwda Guramasynyň Standartlary we söwdany ösdürmek baradaky gaznasynyň täze Gollanmasyndaky sanitariýa we fitosanitariýa düzgünleri işlenip düzülende we olara täzeden seredilende Öňdebaryjy kadalaşdyryjy tejribäni ulanmak boýunça amallar we gurallar bilen tanyş edildi hem-de Öňdebaryjy kadalaşdyryjy tejribäni ulanmak boýunça Filippiniň we Şri-Lankanyň tejribesi görkezildi.