Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ýüpekçileri döwlet meýilnamasynda göz öňünde tutulan 1010 tonna derek 1060 tonnadan gowrak pile taýýarlap, pile tabşyrmagyň şertnamalaýyn borçnamasyny 105 göterim amal etdiler.
Welaýat boýunça ýokary zähmet üstünliginiň gazanylmagynda sebitde ilkinjiler bolup döwlet meýilnamasyny artygy bilen amal eden Kerki, Hojambaz, Halaç, Çärjew hem-de Dänew etraplarynyň ýüpekçileriniň uly paýynyň bardygyny bellemek bolar.
Gündogar sebitde ýüpek gurçuklaryny idetmeklige zerur bolan şertleriň döredilmegi bilen birlikde, pileçileriň yhlasly zähmet çekmekligi, ýokary netijeler gazanmaklygy üçin dürli höweslendiriji çäreler hem geçirilýär. Welaýatda ýylyň ýylyna «Ussat pileçi» ady bilen bäsleşigiň yglan edilip, gazanylan netijeler boýunça ýeňijilere sowgatlaryň gowşurylmagy pileçi – kärendeçileriň has-da tijenip zähmet çekmeklerine itergi berýär. Ýaňy-ýakynda bu bäsleşigiň jemi jemlenilip, ýeňijiler kesgitlenildi. Etraplaryň arasynda döwlet meýilnamasyny 110,7 göterim amal eden Kerki etraby, daýhan birleşikleriň arasynda ilkinji bolup pellehana ýetmekligi başaran Halaç etrabynyň «Rahmançäge» daýhan birleşigi, şeýle hem şertnamalaýyn borçnamasyny 152,4 göterim ýerine ýetirip, iň ýokary netije gazanan Halaç etrabynyň «Soltanýazgala» daýhan birleşigi bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Welaýat boýunça pileçi – kärendeçileriň arasynda döwlet meýilnamasyny ilkinji bolup amal eden tejribeli pileçi, ömrüniň 60 ýyldan gowragyny bu asylly käre bagyş eden, 80 ýaşdan agandygyna garamazdan gujur – gaýratly, tejribesini ogul-gyzlary, agtyk-çowluklary, obadaşlary bilen paýlaşyp zähmet çekýän Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sabyr Pygamowa, şeýle hem 162 gram gurçuk tohumyndan 610 kilogram pile hasylyny almaklygy başaran Halaç etrabynyň Halaç şäherinden Begenç Çaryýew welaýatyň ýüpekçileriniň arasynda ýeňiji boldular.