Ï Aşgabat – dostluk we doganlyk merkezi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat – dostluk we doganlyk merkezi

view-icon 10573
Aşgabat – dostluk we doganlyk merkezi
Aşgabat – dostluk we doganlyk merkezi
Aşgabat – dostluk we doganlyk merkezi
Aşgabat – dostluk we doganlyk merkezi
Aşgabat – dostluk we doganlyk merkezi
Aşgabat – dostluk we doganlyk merkezi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan «Aşgabat – dostluk we doganlyk merkezi» atly sergi açyldy.

Serginiň birinji bölüminde ajaýyp binalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, dynç alyş seýilgähleriniň we gül-çemenli baglarynyň, monumental heýkelleriniň, serhowuzlaryň fotosuratlary arkaly häzirki Aşgabat barada giňşleýin gürrüň berilýär. Onuň gapdalynda nakgaşlaryň şäherimiziň ajaýyp keşbini beýan edýän žiwopis eserleri, Türkmenistanyň Prezidentiniiň muzeýiniň gorlaryndan sowgatlyk şaý-sepler kompozisiýalary ýerleşdirililipdir. Paýtagtymyzyň «Garaşsyzlyk binasy», «Aşgabat binasy», «Ak şäherim Aşgabat» ýaly belli binalary şekillendirilen çeper elli zenanlarymyzyň dokan halylary bar.

Serginiň ikinji bölümi şäheriň taryhyna bagyşlanan. Suratlarda Aşgabadyň kemala gelen ilkinji ýyllarynyň gurluşygy we uly nesliň bilýän öňki döwrüň binalary görkezilýär. Bu ýere gelýänler suratlara syn edip, paýtagtymyzyň ozalky we häzirki keşbini deňeşdirenlerinde Aşgabadyň çalt depginlerde ösýändigine göz ýetirýärler.

Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew sergä gelenlere gutlag sözünde olary şäheriň Güni bilen gutlady. Soňra muzeýiň myhmanlary: ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, žurnalistler we şahyrlar çykyş etdiler.

Ygtybarly hyzmatdaşlygyň we parahatçylykly döredijiligiň merkezi bolan Aşgabadyň Gününi her ýyl 25-nji maýda bellemek lndi asylly däbe öwrüldi. «Ak şäherim Aşgabat» gurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde täze binagärlik toplumlarynyň gurulmagy bilen paýtagtymyzyň çäginiň has giňeldýändigine buýsanýarsyň.