Paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde iki sany şahsy sergi açyldy. Merkeziň birinji gatynda Ýagmyr Myradalyýewiň peýzažlary, ikinjini bolsa onuň kakasy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Myradalyýewiň suratlary ýerleşdirildi.
Annadurdy Myradalyýew özüniň 70 ýaş toýuny öz eserleriniň muşdaklary bilen duşuşyk arkaly belleýär, şol bir wagtyň özünde-de olary oglunyň döredijiligi bilen tanyşdyrmak isläpdir.
Annadurdy Myradalyýew Türkmen döwlet çeperçilik mekdebini tamamlap, ol uzak wagtlap yhlas bilen özbaşdak öwrendi. Parižiň, Londonyň, Sankt-Peterburgyň sergileri onuň üçin mekdep boldy. Ol hemişe Ýewropaly suratkeşleriň sungatyny halaýardy. Şonuň üçine, sürrealist Salwador Dali, impressionist Edgar Dega, fowizmiň wekili Anri Mattis ýaly surat çekmäge synanyşdy. Netijede, sergide görkezilen 120 surat açyk, ýiti reňkler bilen çekilipdir. Her näme diýilse-de, meniň pikirimçe, Annadurdy Myradalyýewiň döredijiliginiň esasy gahrymanlary ýurdumyzyň adaty oba adamlarydyr. Nakgaşyň elinden çykan birgiden surat bar, bu suratlar onuň çuňňur milliligini görkezýär, şonuň üçin bu eserler türkmen halkynyň medeniýetiniň taryhyna girse gerek. Nakgaşyň «Süýjüli çaý içişlik» atly işiniň taýy ýok. Gahrymanlaryň ruhy ýagdaýyny kendir ýüzüne haýran galdyryjy ussatlyk bilen geçirmek ukyby Annadurdy Myradalyýewiň iň esasy artykmaçlygy.
Ynsanlaryň suratyny çekýän kakasyndan tapawutlylykda, Ýagmyryň pikiri- tebigatda. Ýagmyr Myradalyýewiň peýzažlary ‒ açyk, owadan we dramatik. Mysal üçin, «Deňiz» atly suratyny alalyň. Onda nakgaş häli-şindi üýtgäp durýan deňziň parahat ýagdaýdan möwç alýan ýagdaýa geçýän pursadyny suratlandyrypdyr.
«Tut» suraty ‒ gyzykly. Suratkeş iki sany tut agajyny şekillendiripdir. Wagt olaryň şahalaryny agardypdyr, olar gurap başlapdyrlar, ýöne, ine, baharda güneş gülüp bakýar welin, agaçlaryň depesi ýaşamak hyjuwyny bütin dünýä göz edip, ýene-de ýaprajyklara bürenýär.
Sergä gelen köp adamlaryň arasynda sungaty öwreniji, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Azat Annaýew hem bar. Bizem oňa döredijilik nukdaýnazaryndan ata bilen ogluň arasynda nähili umumylyk bardygyny düşündirmegini haýyş edip, ýüzlendik.
‒ Annadurdy Myradalyýew we Ýagmyr Myradalyýew – düýpden tapawutly suratkeşlerdir: atasy ‒ filosof, ogly ‒ romantik. Onuň her gahrymany boýunça rowaýat döretmek mümkin.
Suratkeşleriň umumylygy olaryň ikisiniňem täzeçilligidir. Ýagmyr ýol açmak bilen, golaýdan we uzakdan peýzaž döredýär ‒ ol ýoda bilen Tebigata barýan ýaly. Ataly-ogluň umumylygyna ýene bir zady, ikisiniňem örän zehinli suratkeşdigini goşmak bolar.
Tamara Glazunowa
Alekseý Gimalitdinow