Daşoguz wealýatynyň ekarançylary iň jogapkärli oba hojalyk işleriniň biri – galla oragyna kabul ediji noaktlaryň 28-sini, şol sanda elewatorlaryň ýedisini taýýarladylar. Bu desgalarda, zerur bolanda, ýetişdirilen hasyly ýeterlik derejede saklamak we daşamak üçin abatlaýyş işleri geçirildi. Ýöriteleşdirilen barlaghanalar doly taýyn edildi, bu ýerde döwrebap enjamlarda gallanyň hili kesgitlener.
Galla oragynda ýokary öndürijilikli döwrebap «John Deere» we «CLAAS» kombaýnlaryndan, iki müňden gowrak awtoulaglardan peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Orakda ulanyljak tehnikalary abatlamak boýunça tehniki toparlary döretmek, ýangyç-çalgy materiallary bilen bökdençsiz üpjün etmek, gallaçylar bilen tabşyrylan önüm üçin öz wagtynda hasaplaşmak üçin degişli işler geçirildi.
Daşoguz welaýaty her ýyl bol hasyl ýetişdirilýän sebitleriň biridir. Bu ýerde sebitiň howa şertleri göz öňünde tutulyp, suw we ýer serişdelerinden ýerlikli peýdalanylmak, ýeriň we ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça ylmyň gazananlaryna, tohumlyk dänäniň seçgisini ösdürmäge uly üns berilýär.
Döwlet maýa goýumlary we oba hojalyk ekinlerini saklamak hem-de gaýtadan işlemek boýunça dünýä ölçeglerine laýyk önümçilikleri güýçlendirmek boýunça yzygidelri alnyp barylýan işleriň netijesinde indi gallanyň ekişini, oragyny, saklamagy we gaýtadan işlemegi öz içine alýan gutarnykly agrotehniki tapgyr döredildi. Sebitde ýörüteleşdirilen desgalaryň ençemesi, şol sanda ýokary öndürijilikli un üweýän kärhanalaryň üçüsi, birbada jemi 360 müň tonna golaý galla kabul etmäge we arassalamaga niýetlenen elewatorlaryň ýedisi bar.Täze elewatorlar tohum taýýarlamak üçin zerur enjamlar bilen üpjün edildi, olarda tohumlyk galla taýýarlamak boýunça ähli tehnologik işler zerur arassaçylyk düzgünlerine berk eýerilip amala aşyrylýar.