«Kerwenler» hususy kärhanasy Türkmenistanyň dokma senagatynyň ösüşine goşandyny goşýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mebugat merkeziniň habaryna görä, kärhanada golaýda dürli ölçegdäki, galyňlykdaky kilim we örtgi önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
«Hazar» göli, teke we ýomut gölleri salnyp dokalan örtgi we kilim ekologiýa taýdan arassalygy, göze gelüwliligi bilen tapawutlanýar. Kilim rulon görnüşinde bolup, onuň ini 2 metre, uzynlygy müşderiniň islegine görä öndürilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän bu kärhana ýüň egirme we dokma bölümlerinden ybaratdyr. Döwrüň soňky talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen kärhananyň ýüň egirme bölüminde goýun ýüňünden ýüň ýüplükler we poliester garyndyly ýüň ýüplükler öndürilýär. Bu ýerde sap ýüňden türkmen halysynyň ýokary hilli ýüplüklerini öndürmek işleri hem alnyp barylýar.
Häzirki wagtda bu bölümde aýda 13 tonna golaý ýüň ýüplük öndürilýär. Dokma bölüminde kilim we örtgi önümleri, ýüňden we ýarym ýüňden ýorganlar taýýarlanylýar. Bu bölümde kilimiň we örtginiň ýylda 156 müň metri öndürilýär. Kärhanada ýüň ýorganyň aýda 10 müň, ýylda 120 müň sanysyny öndürmäge mümkinçilik bar. Önümler ýurduň ähli sebitleriniň söwda nokatlarynda müşderilere hödürlenilýär.