Ï Aşgabat-Pariž sazly ugur
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat-Pariž sazly ugur

view-icon 5065
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur
Aşgabat-Pariž sazly ugur

Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna «Paris mon amour!» («Pariž, söýgüm meniň!») atly täze konsert hödürledi. 28 we 29-njy maýda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sazandalar meşhur fransuz sazalryny çaldylar.

Kirişli saz gurallary ýaşlar ansambly üýtgeşik konsertleri bilen tanalýar. 

Fransziýanyň şäher manzarlaryny görkezýän äpet ekran tomaşaçylary Parižiň köçejiklerine düşen ýaly etdi. Sazly-gezelenç konsertinde fransuz aýdymçysy we aktrisasy Edit Piafyň iň gowy aýdymlary, fransuz şansonýesi Jo Dasseniň romantiki kompozisiýalry, şeýle hem kompozitor Wladimir Kosmanyň fransuz kinofilmlerinden tanalýan jadyly sazlary ýaňlandy.

Konserti taýarlamaga işjeň gatnaşan Swetlana Naubatowa Tahyr Ataýewiň orkestri bilen ilkinji gezek çykyş etdi. Artistiň aýtmagynda Esit Piafy dünýä meşhur eden «Non, je ne regrette rien», «La foule», «Milord» we beýleki aýdymlar ýaňlandy. Halkara bäsleşikleriniň baýraklarynyň eýesi Hijran Joragulyýewem ilkinji gezek çykyş etdi.

Orkestriň sazandalary hem aýdym aýtdylar. Ogulgerek Soltanmyradowa Lara Fabianyň «Je t'aime» meşhur aýdymy bilen begendirdi. Kakajan Hydaýberdiýewiň «altyn saksofony» bilen orkestriň birinji skripkasy, «Dutaryň owazy» festiwalynyň laureaty Baýram Dolyýew konsertde soloda çykyş etdi. Mansur Şaripow Jo Dasseniň mahmal owazyna meňzeş sesli «Notr-Dam de Pari» mýuzikliniň iň belli «Belle» aýdymy aýtdy. Žan Pol Belmondonyň baş keşbi döreden «Ussat» filmi bilen konsert tamamlandy. Kompozitor Ennio Morrikonenň döreden sazy diňleýjilere şeýle güýçli täsir etdi welin, olar bu sazy gaýtadan çalmagy haýyş etdiler.

Konsertiň ahyrynda kinematografiýa däplerine görä, ekranda orkestriň sazandalarynyň ady peýda boldy. Pariže saz gezelenji şowly boldy. Tomaşaçylar konsert uçuşynyň «şowly gonuşyny» üznüksiz el çarpmalar bilen mübäreklediler.