Ýurdumyzyň teatr işgärleri, adatça, iýun aýynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine işjeň taýýarlyk görýärler. Bu gezek uly medeni çäreleriň geçiriljek ýeri Mary welaýaty bolar. Bu ýerde şu ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna laýyklykda, sergiler, bäsleşikler, konsertler we elbetde, çeper oýunlaryň görkezilişi bolar.
Häzir bolsa şu tomsuň esasy wakalarynyň birine az wagt galdy. Şonuň üçin paýtagtymyzyň teatrlary ilatymyzy dynç alyş günlerini medeniýetli geçirmäge çagyrýar.
S.Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry
-
04.06.2022. «Giyewleriň bäslegişi» ‒ 19:00;
-
05.06.2022. «Gülki agşamy» ‒ 19:00.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry
-
03.06.2022. «Durmuş diňe düýş däl» ‒ 19:00;
-
04.06.2022. «Talyp söýgüsi» ‒ 19:00;
-
05.06.2022 «Söýgi bizi halas eder» ‒ 19:00.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry
04.06.2022: «Ependi, sen kim?» ‒ 19:00.
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry
-
02.06.2022. «Söýgi şäheri» konserti ‒ 19:00;
-
03.06.2022. «Altyn jüýjejik» ‒ 12:00;
-
03.06.2022. «Hanuma» ‒ 19:00;
-
04.06.2022. «Üç jojujak we çal möjek» ‒ 12:00;
-
05.06.2022: «Zor towşan» ‒ 11:00; 13:00;
-
05.06.2022. «Dostlar, birligimiz ‒ ajaýyp zat!» ‒ 19:00;
-
09.06.2022. «Söýgi şäheri» konserti ‒ 19:00;
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatry
04.06.2022. «Arşyn mal alan» ‒ 19:00;
05.06.2022. «Gülki agşamy» ‒ 19:00;
Türkmen döwlet gurjak teatry
-
03.06.2022. «Çagaly öý ‒ bazar» ‒ 19:00;
-
04.06.2022. «Jadyly ýaglyk» ‒ 12:00;
-
04.06.2022. «Japbaklar» ‒ 19:00;
-
05.06.2022. «Basgançagyň aşagynda kim ýaşaýar?» ‒12:00, 15:00;
«Basgançagyň aşagynda kim ýaşaýar?» oýny Akja atly oba pişiginiň durmuşy barada gürrüň berýär. Edeni oňuna bolmaýan görgüli pişijegiň başyna hemişe dürli wakalar bolup geçýär. Bir gezek bolsa ol güjüjek bilen tanyşmaly bolýar. It bilen pişik dostlaşyp bilermi? Bu barada sazly gurjak ertekisi gürrüň berer.