Tans sahna sungatynyň köptaraply hakyky görnüşidir. Adam, bedeniniň hereketlerini tomaşaçy bilen aragatnaşyk serişdesi hökmünde ulanmak bilen, tans arkaly özüniň oý-pikirini we duýgularyny beýan edip bilýär. Tansyň aýry-aýry tilsimlerine «jümle» diýilmegi-de ýöne ýere däldir ‒ olar arkaly özüňi söz bilen aýdyň beýan edişiň ýaly beýan etmek bolýar. Sungatyň sözli görnüşlerindäki ýaly, tansyňam öz sözlügi we öz usullary bar. Ussatlyga ýetmek üçin, olary özleşdirmek zerur.
Tans güýçli öwrediji guraldyr. Şonuň üçin-de çagalara tansyň kömegi bilen öz duýgularyna düşünmegi we olary beýan etmegi, sazy we öz bedenini diňlemegi, has ähmiýetlisi bolsa, toparda işlemegi öwrenýär. Tansyň çaga okatmak üçin adatdan daşary modallygy bardyr, ol çydamlylygy ösdürýär, şowsuzlykdan yza tesmezligi ýa-da olary çözmegiň döredijilikli ýollaryny tapmagy öwredýär.
Tomaşaçylary öz sungaty bilen begendirmek maksady bilen, 29-njy maýda «Watan» kinokonsert zalynda ýigrimi toparyň wekilleri ýygnandy. «Çagalar ‒ geljegiň güli» atly horeografik konsertiň çäginde on bir halypanyň goýan ýigrimi iki sany gaýtalanmajak çykyşlary görkezildi. Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bu konsert Türkmenistanyň Çagalar gaznasynyň ýardamy bilen geçirildi.
Konsertiň çäginde sahnada 320 tansçy cykyş etdi. Çäräniň maksatnamasyna dürli saz eserleri girdi: halk tanslary, breýk, lezgi tansy, mýuzikllerden parçalar we häzirki zaman hem ilhalar sazlar tanslary.
Baýrama gatnaşýanlaryň her biri gowy tarapdan görünmäge we diňe bir tomaşaçylary däl, eýsem öz horeograflaryny-da begendirmäge çalyşýardy, bu bolsa has çetinidi. Eýsem, halypalaryň ählisiniň-de şägirtlerinden göwni bitdi, çünki tomaşaçylar her topary elçarpyşmalar bilen garşy alýardy we ugradýardy.
Çäre tamamlanandan soň, onuň guramaçysy Ýekaterina Begenjowa ähli tansçylara, horeograflara we tomaşaçylara hoşallyk bildirmek bilen, hemmelere jan saglyk, ýaş zehinlere bolsa şöhrata alyp barýan ýollaryny dowam etdirmeklerini arzuw etdi.