Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda her ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Talyp joşguny – 2022» atly festiwaly geçirilýär.
Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň her birinde talyp çeper höwesjeňler toparlarynyň gatnaşmagynda döredijilik we zehin festiwalynyň birinji tapgyry geçirildi. Iň gowy döredijilik toparlary iýun aýynyň birinji on günlüginde döwlet derejesinde geçiriljek finalda çykyş etmäge hukuk gazanarlar.
Aýdym-saza, tansa, edebiýata, folklora höwesjeň ýaşlar üçin «Talyp joşguny» – zehiniňi we döredijilik ukybyňy doly açmaga mümkinçilik berýän ylham baýramy.
Festiwala gatnaşýanlar 11 ugur boýunça öz başarnygyny we ussatlygyny görkezip bilerler.
«Talyp joşguny – 2022» atly talyplar festiwaly ýaşlaryň arasyndan döredijilige ukyply, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň başarnygyny ösdürmek, talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, olaryň sungata höwesini ýokarlandyrmak, şeýle hem milli medeniýeti giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilýär. Festiwalyň esasy wezipeleriniň biri ýaşlarda eziz Watanymyzyň baý medeniýetine, şanly taryhyna bolan söýgüni artdyrmakdyr.