Gecen dynç güni «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Ah, operetta, operetta!» atly konsert geçirildi. XIX asyryň ortalarynda Parižiň seýilgählerinde dörän bu sazly teatr žanrynyň gadyry tutuş dünýäde häzirem bilinýär. Konsertiň dowamynda aýdymlar, ariýalar we duetler dürli daşary ýurt dillerinde ýerine ýetirildi.
Belent we ýakymly sesi bilen özüne maýyl ediji wokalçy Wera Bazarowa diňleýjileri taýsyz wokaly bilen şatlandyrdy. Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň şägirdi Wera Bazarowa wokal tilsimlerini kämilleşdirmegini dowam etdirýär we ýaş aýdymçylara ukyp zehinlerini ösdürmäge kömek edýär.
Zehinli okuwçylaryň biri-de A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň aktrisasy Adelina Nazarowa köp wagt bäri Wera Bazarowa bilen duetde çykyş etmegiň arzuwyndady. Tomaşaçylaryň alkyşlaryndan çen tutsaň, ol munuň hötdesindn gelipdir. Halypa-şägirt tolgundyryjy «Eje» atly eseri we «Iwuşka» rus halk aýdymyny duet şekilinde ýerine ýetirdi. Ýöne sazly hyzmatdaşlyk munuň bilen tamamlanmady.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Begenç Moşşyýewiň çykyşy-da täsirli we tolgundyryjy boldy. Ýaş tenor «Gunça» operettasyndan Amanyň partiýasyny ýerine ýetirdi. Uzeýir Hajybegowyň adybir operettasy boýunça ýazylan «Arşyň mal alan» sazly komediýasyndan bir aýdym duet görnüşinde ýaňlandy. Telli (Adelina Nazarowa) bilen Welliniň (Begenç Moşşyýew) dueti has-da täsirli boldy.
Zamir Alyýew tomaşyçylaryň öňünde ilkinji gezek çykyş etdi. Wera Bazarowanyň zehinli şägirdi, lirik we dramatik bariton sesli Zamir «Bremenli sazandalar» mýuziklden Trubaduryň serenadasyny ýerine ýetirdi.
Ýaş şahyr Emine Nazarmedowanyň goşgularynyň okalmagy konsertiň üstüni doldurdy. Konsertiň dowamynda wokalçylara konsertmeýster, Pianinoçylaryň Halkara bäsleşiginiň diplomanty Stella Faramazowa sazandalyk etdi. Wera Bazarowanyň zehinli şägirtleri diňleýjilerde uly täsir galdyrmagy başardylar ‒ olar tomaşaçylary öz artistlik ukyplary bilen geň galdyryp, iň çylşyrymly wokal partiýalary ussatlyk ýerine ýetirdiler.