Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly» operasy uly üstünlik bilen geçdi.
On ýyl mundan öň, 2012-nji ýylda bu operanyň ilkiniji görkezilişi bolupdy. Şu ýyl bolsa Medeniýet hepdeliginiň we Magtymguly-pyragynyň 300 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli, teatryň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň döredijlik topary operany täzeden goýdular. Zaldaky tomaşaçylar opera ikinji gezek tomaşa edýänlere we ilkinji gezek görýänlere bölündi. Olaryň ikisi hem belent wokaldan hiç zat bilen deňäp bolmajak lezzet aldylar.
Operanyň sazyny Ýuliý Meýtus ýazdy, librettosynyň awtorlary Alty Garlyýew bilen Berdi Kerbäbäýew. Dirižýor we hormeýster ‒ Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gurban Babaýew, oýny goýan režissýor ‒ Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow.
Operanyň ähli partiýasyny konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary- Magtymgulynyň partiýasyny Begenç Maşyýew (tenor), Meňliniň partiýasyny Arzygül Gylyjowa (soprano), Azadynyň partiýasyny Begenç Gaýypow (bariton) ýerine ýetirdiler.
Sahna suratkeşi Mekan Annamyradowyň tagallasy bilen, tomaşaçylar beýik türkmen şahyrynyň ýaşan, okan, söýen durmuşynyň gurşawyna düşdiler.