Ï «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna «Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasy bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna «Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasy bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi

view-icon 6339

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagy ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, umumy ulgama birleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde, “Serdar” elektrik bekedinden köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyna çenli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary hem-de materiallary satyn almak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we elektrik stansiýasyny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.