Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Portuň umumy tutýan meýdany 152 gektar bolup, ol parom, ýolagçy hem-de ýük terminallaryny özünde jemleýär.
Ýurdumyzda halkara üstaşyr-ulag geçelgeleriniň altyn halkasyny döretmek maksady bilen gurlan Halkara deňiz portunyň bir wagtyň özünde gämileriň 17-sine hyzmat etmäge ukyply bolan duralgalarynyň umumy uzynlygy 1800 metrden gowrakdyr. Toplumda ýük terminallarynyň birnäçesi hereket edýär. Portdaky ownuk ýükler terminalynyň taslamadaky kuwwaty ýylda ortaça 3 million tonna deňdir. Onuň 261 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýän umumy ýükler terminalynyň kuwwaty bolsa ortaça 4 million tonna ýüke barabardyr. Bu ownuk ýükler terminalynda dürli çig maly, dag-magdan serişdelerini, nebit-himiýa önümlerini, ot-iýmleri, dökünleri, dänäni, şekeri, duzy we beýleki önümleri ugratmak we saklamak üçin ähli döwrebap amatlyklar döredilen.
Umumy ýükler terminaly dürli gurluşyk serişdelerini, demri, polady, agajy, maşynlary we beýleki enjamlary kabul etmäge we ugratmaga niýetlenendir. Bu terminallaryň kuwwatly ykjam ýük göteriji kranlar we ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan dürli görnüşli gämiler bilen üpjün edilmegi üstaşyr ýükleri düşürmekde we olary ýüklemekde uly ähmiýete eýedir. Bu ýerde howa, awtomobil we demirýol ulaglary arkaly getirilen ýükleri üstaşyr ugratmaklyga niýetlenen konteýner terminaly bolup, onda göterijiligi 5 müň tonna bolan gämileriň 3-si hereket edýär. Toplumda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulaglaryna hyzmat etmäge hem-de ýylda 400 müň konteýneri daşamaga ähli şertler bar.
Halkara deňiz portunyň umumy geçirijilik kuwwaty nebit önümlerini hasaba almanyňda 17 million tonna barabardyr. Bu ýerde gämileriň hereketine, ýük ýüklemek hem-de düşürmek işlerine gözegçilik hemra aragatnaşygy, şeýle-de awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi arkaly amala aşyrylýar. Bu ýerde “Balkan” atly gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň gurulmagy milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň öňünde täze sepgitleri açýar. Ýylda poladyň 12 müň tonnasyny senagat taýdan gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan bu zawod gämileriň dördüsini gurmaga, 20 gämide bolsa abatlaýyş işlerini geçirmäge niýetlenilendir.