«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherindäki «Garabogazkarbamid» zawody häzirki zaman kuwwatly enjamlardyr tehnikalar bilen birkemsiz üpjün edilendir. Öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan bu önümçilik düzümlerinde içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply ýokary hilli önümler öndürilýär.
Dünýä ýüzünde tebigy baýlyklaryň mesgeni hökmünde uly meşhurlyga eýe bolan «Garabogazkarbamid» zawody häzirki döwürde himiýa senagatynyň täze ösüşlerinde aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolup durýar. Sebitdäki bu iri toplum indi birnäçe ýyl bäri gymmatly önümleri öndürmekde hasda tapawutlanýar. Milli hünärmenlerimiz bolsa desgalary ussatlyk bilen dolandyryp, iş ýokary ýokary netijeleri gazanmagy başarýarlar. Netijede himiýa senagatynyň önümçilik kuwwaty ýokarlanmak bilen, bu pudagyň eksport mümkinçilikleri täze derejelere göterildi.
Ýeri gelende aýtsak, raýatlarymyzyň bir müňe golaýyny hemişelik iş orunlary bilen üpjün eden bu zawod gazhimiýa toplumynyň geljekki uly ösüşlerine hem oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda bu ösen kuwwatly kärhananyň öndürýän önümine daşarky bazarlarda hem barha köp isleg bildirilýär.
Şu günlerde hem «Garabogazkarbamid» zawodynyň agzybir işçileridir hünärmenleri, inžener-tehniki işgärleri tutanýerli, döredijilikli zähmet çekip, üstümizdäki ýylyň birinji ýarymyny ýokary netijelere beslemäge çalyşýarlar.