Ï Gant şugundyry ekilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gant şugundyry ekilýär

view-icon 15407
Gant şugundyry ekilýär

Murgap jülgesiniň ekerançylary buýdaýdan boşan meýdanlara gant şugundyryny ekmek işini gyzgalaňly alyp barýarlar. Mary welaýatynda şu möwsümde şugundyr ekmek üçin niýetlenen jemi 14 müň 900 gektar ýerde şol bir wagtyň özünde sürüm, tekizleşik, geriş çekmek we ekiş işleri ýokary taýýarlykly we guramaçylykly başlanyldy. Sürüm we tekişleýiş işleri häzir soňky gektarlarda alnyp barylýar. «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň maglumatyna görä her günde ortaça 650-680 gektar meýdanda geriş çekilip, şonça meýdanda hem ekiş geçirilýär. Iýul aýynyň başyna çenli 7 müň gektardan gowrak meýdana şugundyr tohumy ekildi. Bada-bat suwarylan ilkinji gektarlar tohumyň hiliniň ýokarydygyna we gögerişiň oňatlygyna şaýatlyk edýär.

Köp ýyllaryň dowamynda şugundyr ýetişdirmegiň tejribesini kemsiz ele alan, şeýle-de bu ekiniň suwarymly ýerleri netijeli ulanmak, düşewüntliligini artdyrmak, melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatdaky bähbitlerine göz ýetiren ekerançylar hysyrdyly zähmetdigine garamazdan, bu aralyk ekini höwes bilen ekýärler. Şugundyry diňe güýzlük ekmek tejribesine geçilmegi hem daýhan birleşikleri we hasyly işläp bejeriji «Maryşeker» kärhanasy üçin belli bir amatlyklar döretdi.

Şu ýyl şugundyr ekini Mary welaýatynyň 10 etrabynda jemi 14 müň 900 gektar ýerde ekiler. Ýerler ýörite hünärmenler tarapyndan suwuň we topragyň amatlyklary nazarda tutulyp, saýlanyp alyndy. Şugundyrly neýdanyň iň uly bölegi, ýagny 5 müň gektary Garagum etrabyna degişli. Bu ekini geçen ýyl özleşdirip başlan Tagtabazar etrabynyň daýhanlary hem şu ýyl şugundyra 200 gektar ýer bölüp berdiler. Bellemeli ýagdaý, şu möwsümde şugundyr diňe bugdaýdan boşan meýdanlarda ikinji hasyl hökmünde ýetişdiriler.

Şugundyr ekişi ýurdumyzyň Günbatar welaýatynyň Serdar, Bereket, Esenguly, Etrek we Magtymguly etraplarynda hem gyzgalaňly alnyp barlýar, Şu möwsümde Balkan welaýaty boýunça jemi 3 müň gektarda şugundyr ekiler. Etrek, Esenguly we Magtymguly etraplarynyň hersinde şugundyra 100 gektar çemesi ýer berilýär. Ýeterlik tejribe toplan Serdap we Bereket etraplarynyň ekerançylary bu süýji ekini degişlilikjde 1600 we bir müň gektar ýere ekmegi meýilleşdirýärler.

«Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti häzir şugundyry işläp bejerýän, şeker we dürli gant önümlerini taýýarlaýan ýurdumyzda ýeke-täk karhanadyr. Şu günlerden başlap bu kärhanada ýerlerdäki hasyly kabul ediş nokatlary, önümçilik desgalaryny we enjamlaryny bejermek, olary işjeň we ygtybarly ýagdaýa getirmek bilen bagly işler alnyp barylýar.

Balkan welaýatynda gurluşygy dowam edýän şeýle ugurly kärhananyň işe girizilmegi geljekde şugundyr ekilýän meýdanlary giňeltmäge we saçaklarymyzyň bezegi bolan şeker we süýji önümleriniň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmaga mümkinçilik berer.