Ï Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

view-icon 6972

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

S.G.Mälikgulyýew hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine we «Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti, 
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 5-nji iýuly.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Meretdurdyýewiç Begmyradow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Annaýew Gurbanmyrat Kakamyradowiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Gündogdyýew Begenç Ataýewiçe käýinç yglan edildi.