Ï Türkmenabatly himiýaçylaryň ýokary netijeleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenabatly himiýaçylaryň ýokary netijeleri

view-icon 6187
Türkmenabatly himiýaçylaryň ýokary netijeleri

Ýurdumyzyň iň iri kärhanalarynyň biri hasaplanylýan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenabadyň himiýa zawodynyň agzybir işgärleri şu ýylyň alty aýyny ýokary zähmet netijeleri bilen tamamladylar. Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde ýylyň başyndan bäri oba hojalygy üçin möhüm serişde bolan fosforly mineral döküniniň, ýagny ammonili superfosfatyň meýilnamada bellenilen 98 müň tonnasyna derek 135 müň tonnadan gowragy öndürilip, bu baradaky meýilnama 138 göterim amal edildi.

Şeýle hem kärhananyň işgärleri şu ýylyň alty aýynyň dowamynda kükürt kislotasynyň 58 müň tonnadan gowragyny öndürmegiň hötdesinden geldiler. Bu bolsa geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende öndürilen önümiň ösüş depgininiň 102 göterime barabar bolandygyny aňladýar. Ýeri gelende kükürt kislotasyny öndürýän desganyň durkunyň täzelenip, Ýaponiýanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendigini, bu bolsa önümleri ýokary hil derejesinde öndürmäge mümkinçilik berýändigini belläp geçmek möhümdir. Kükükt kislotasy sehinde taýýar önümiň 20 müň tonnasyny saklamaklyga niýetlenen ammaryň we taýýar önümleri daşamak, sarp edijilere ýetirmeklik üçin ýöriteleşdirilen täze wagonlaryň 20 – siniň bolmaklygy işleri bökdençsiz we öz wagtynda ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berýär.

Kärhanada yzygiderli alnyp barylýan gözlegler netijesinde öndürilýän önümleriň görnüşleriniň sany barha artýar. Bu ýerde senagat we saglygy goraýyş pudaklarynda giňden ulanylýan tehniki we lukmançylyk kislorodyny önüdrmeklik işleri hem talabalaýyk ýola goýlupdyr. Ýylyň başyndan bäri Türkmenabatly himiýaçylar 120 müň metr kub kislorod öndürip, bu baradaky meýilnamany artygy bilen amal etmekligi başardylar. Şeýle hem kärhanada şu ýylyň alty aýynda zyýansyzlandyryjy serişde bolan hlorly hekiň 216 tonnasy, oba hojalyk ulgamynda ekinleri zyýankeşlerden goramaklyga niýetlenen “Kükürtli” himiki serişdeleriň 2 müň 200 tonnasy öndürildi. Bu serişdeleriň mukdary sarp edijileriň buýurmalary esasynda kesgitlenilýär. Şeýle hem kärhanada halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ulanylýan keramiki önümleriň dürli görnüşlerini, polietilen turbalary hem-de çelekleri we beýleki dürli himiki serişdeleri öndürmeklik ýola goýlupdyr.