Ï Ýod önümçiligi kärhanasynyň ösüş depgini ýokarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýod önümçiligi kärhanasynyň ösüş depgini ýokarlanýar

view-icon 6344
Ýod önümçiligi kärhanasynyň ösüş depgini ýokarlanýar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasy bu ulgamyň ýurt möçberindäki göreldeli kärhanalarynyň biri hasaplanýar. Bu ýerde öndürilýän derde derman melhemler ýokary hil derejesi bilen tapawutlanyp, içerki we daşarky sarp edijileriň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Ösen häzirki zaman kärhanasynyň hünärmenleri döwletimiziň ýerli çig mallardan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek babatda öňde goýýan anyk wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde mynasyp hyzmatlary bitirýärler. Döwletimiziň halkymyzyň saglygyny goramakdaky giň möçberli tutumlarynyň çäklerinde gurlup, sekiz ýyla golaý wagt mundan ozal ulanylmaga berlen kärhanada geçen döwürde diýseň uly işler durmuşa geçirildi. Kärhanada sebitiň senagat taýdan özleşdirilýän giň meýdançalaryndaky ýerasty suwlarda jemlenen hem-de ägirt uly gorlara eýe bolup durýan gymmatly çig mal bolan ýoddan taýýar önümleri öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Kuwwatly önümçilik enjamlary bilen üpjün edilip, kompýuterler arkaly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan kärhanada işler hemmetaraplaýyn sazlaşykly we guramaçylykly alnyp barylýar. Önümçilikde ulanylýan çig mal serişdeleriniň ählisiniň diýen ýaly döwletli Diýarymyzyň çäginde ýeterlik bolmagy hem ýokary hilli derman serişdeleriniň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, olaryň düşewüntliligini artdyrmaga, galyberse-de ekologik taýdan arassa, kämil önümleriň öndürilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa hyrydary ýetik önümleriň ösen talaplara laýyk gelmegini, müşderileriň sanynyň hem yzygiderli artmagyny şertlendirýär.

Berekediň ýod önümçiligi kärhanasy ýylda ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny, diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenendir. Dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän derman serişdeleri ýatymlaýyn bejerişde, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginde, şeýle-de önümçilikde dürli maksatlar üçin peýdalanmakda juda amatlylygy, netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bulardan başga-da, derman serişdelerini öndürýän kärhanada müşderilere ýetirilýän önümleriň görnüşleri köp. Has takygy, göwherli ýaşyl galamlar, lukmançylyk pamyklarynyň dürli görnüşleri, ilkinji lukmançylyk kömeginiň ýörite tassyklanan düzümde gaplanan gutulary sarp edijileriň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda hem-de zerur bolan önümleriň üstüni ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Kärhananyň önümlerini daşarky bazarlarda ýerlemekde hem netijeli işler amala aşyrylýar. Belorusiýa, Azerbaýjan, Täjigistan, Özbegistan ýaly döwletler, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary kärhananyň önümlerine uly isleg bildirýärler. Şeýle-de bu ýerde şu ýylyň birinji ýarymynda has-da netijeli zähmet çekilip, guwandyryjy önümçilik görkezijilerine eýe bolundy. Has takygy, geçen alty aýyň jemleri boýunça 4 million 912 müň manatlyga golaý önümler öndürilip, degişli meýilnama artygy bilen üstünlikli berjaý edildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň 102 göterime barabar bolandygyna şaýatlyk edýär.