Ï Ýaş alymyň üstünlikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş alymyň üstünlikleri

view-icon 13124
Ýaş alymyň üstünlikleri

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň geçen hepdede ýaýradan habarlarynyň ikisinde bir adamyň adynyň agzalmagynyň tötänlik däldigini okyjylar aňandyrlar. Gürrüň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy, ýaş alym Baýram Jumaýew barada barýar.

Habarlaryň birinjisinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy-2022» döwlet bäsleşiginiň jemleri barada aýdylyar. Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmekde, ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim beremekde we olary milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemekde netijeli işleýän mugallymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde Baýaram Jumaýew Baş baýraga mynasyp boldy.

«Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» elektron žurnalynyň täze sany baradaky habarda hem işleri çap bolan ýaş alymlaryň sanawynda ýene-de Baýram Jumaýewiň ady bar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçen ýaş alymy gutlamak dabarasynda Baýram Jumaýewiň ylmy gözlegleri, işine yhlasy we hünär ussatlygy barada gürrüň edildi. Dabarada çykyş edenler institutyň mugallymynyň gazanan bu ýeňşiniň bu ýokary okuw mekdebiniň ýaş mugallymlarynyň, zehinli talyplarynyň ylma höweslerini we ynamlaryny ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirýändiklerini aýtdylar.

Baýram Jumaýewiň alyp barýan işleri, ylmy gözlegleri bilen tanşanyňda onuň gazanan üstünliginiň hakyky yhlasyň miwesi bolandygyna göz ýetirýärsiň. Turkiýe respublikasynyň Orta Gündogar tehniki uniwersitetini üstünlikli tamamlan Baýram öz hünäriniň daşyndan rus, iňlis, türk, fransuz dillerini ürç edip öwrenipdir. Halkara ylmy taslamalara işjeň gatnaşýan alym şol dillerde makalalary taýýarlamagy we çykyş etmegi başarýar. Hindistan, Awstriýa, Bolgariýa, Gazagystan, Russiýa, Estoniýa, Finlandiýa, Turkiýe ýaly ýurtlarda eden täsirli ylmy çykyşlaryny diňlänler Türkmenistanyň ylym ýoluna ymykly düşendigini, zehinli ýaş alymlaryň ösüp gelýändigini duýdular.

2015-nji yyldan bäri Baýram Jumaýewiň halkara ylmy-barlag, ylmy-usuly žurnallarda, ylmy maslahatlaryň nutuklarynyň ýygyndylarynda, Türkmenistanyň dürli neşirlerinde 40-dan gowrak ylmy makalalary çap boldy.

2015-2018-nji ýyllarda aspiranturada (alymlyk derejesini almak üçin dalaşgärlik okuwynda) gaýybana okan Baýram, häzirki wagtda ýazyp gutaran alymlyk işini goramaga taýýarlyk görýär.

B. Jumaýewiň ýolbaşçylyk edýän ýaş alymlar geňeşiniň otagynda bu okuw jaýynyň mugallym we talyp ýaşlarynyň ylmy gözleglerine, açyşlaryna şaýatlyk edýän taslama işleriniň giň toplumy goýlupdyr. Otagyň sanly ulgam arkaly dolandyrylýän yşyklandyryş, sowadyş-ýyladyş ulgamlary, özgerýän- täzelenýän diwarlyklar, dürli robotlaryň hereketleri bu ýere gelýän her bir adama hakyky ylmy gurşawyň alamatlary bolup duýulýar. Baýram Jumaýewiň öz egindeşleri bilen taýýarlan «Ýaş alymlar geňeşiniň işini gurnamagyň internet sahypasy» atly işlerine intellektual eýeçilik boýunça Döwlet gullugunyň ýörite şahadatnamasy berilipdir.

«Üstünlik yhlasa bagly» diýen ganatly pikire uýup işleýän ýaş alym Baýram Jumaýewiň bilim ulgamynda we ylym dünýäsinde alyp barýan yhlasly zähmeti oňa geljekde hem uly şowlulyklaryň ýar boljakdygyna ynam döredýär.