Ï 2022-nji ýylyň 6 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6% boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2022-nji ýylyň 6 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6% boldy

view-icon 5130
2022-nji ýylyň 6 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6% boldy

Türkmenistanda jemi içerki önümiň artyş depgini 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda 6%-e barabar boldy. Bu barada ýylyň alty aýynyň jemi boýunça geçirilen giňişleýin hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Içeri syýasat strategiýasynyň esasy jähetlerine degip geçmek bilen, Türkmenistanyň ýolbaşçysy ýurdumyzda ygtybarly salgyt-büjet we pul-karz syýasatynyň ýöredilýändigini, hususy we döwlet sektorlaryna edilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň yzygiderli artýandygyny belledi. Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Türkmenistanda JIÖ-iň ýokary depginde, ýagny 6% derejesinde ösmegi dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýtmagyna görä, önümçilik we jemgyýetçilik maksatly desgalaryň giň göwrümde gurluşygy dowam edýär, häzirki wagtda umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryndan geçýän 2 müň 900 desga gurulýar.

Döwlet Baştutanymyz degişli döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli oba maksatnamasyna laýyklykda 1 milliard 300 million manatlyk maýa goýumynyň özleşdirilendigini, 30 sany iri desganyň, umumy meýdany 322 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda umumy bahasy 9 million manat bolan ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanylmaga berlendigini-de belledi.

Mejlisiň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, kanagatlanarlydygyny bellemek bilen, ministrlikleriň we pudaklaýyn müdirlikleriň ýolbaşçylaryna geçen alty aýyň dowamynda edilen işleriň netijeleri boýunça maslahat geçirmegi tabşyrdy.