Paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda türkmen akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Istärin» atly, gysga metrazly çeper filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Film Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde režissýor Arslan Eýeberdiýewiň ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýylygy mynasybetli surata düşürildi.
Akyldaryň keşbini döreden Annadurdy Täşliýew: «Filmiň ady – türkmenleriň bütewiligi we özygtyýarly döwlet hakyndaky arzuwlary» diýip, nygtaýar. Filmiň görkezilişinden soňra Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýolbaşçysy filmi döretmäge gatnaşanlar bilen tomaşaçylary tanyşdyrdy. Soň tomaşaçylara söz berildi. Olar şeýle tema çemeleşmegiň uly jogapçilikdigini nygtap, filmiň görkezilişi bilen gutlap, geljekde hem uly üstünlikler arzuw etdiler.
Dörediji topar ýakyn wagtda filme rus we iňlis dillerinde subtitrleri taýýarlamak işleriniň göz öňünde ttulýandygyny habar berdiler. Bu bolsa filmi daşary ýurtlarda geçirilýän halkara kinofestiwallarynda görkezmäge hem mümkinçilik berer.