Ï Täze kärhana gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze kärhana gurulýar

view-icon 6985

Türkmenistanyň demirgazygynda suwly - emulsiýa reňkini we kafel ýelimini öndürjek ilkinji kärhananyň gurluşygy tamamlanyp barýar.

Ony Daşoguz şäherinde ýurdumyzyň Senagatçylar we tekeleçiler birleşmesinň agzasy «Galkynan ykbal» hususy kärhanasy bina edýär. Bir gektar meýdany tutýan kärhananyň önümçilik bölümleriniň binalarynyň, sur howdanynyň gurluşygy tamamlanyp, taýýar önümleri ýerleşdirmäge niýetlenen dükanyň içki bezeg işleri amala aşyrylýar. Kärhananyň işe girizilmegi bilen bu ýerde ýylda 200 tonna suwly-emulsiýa reňki we 500 tonna kafel ýelimi öndüriler.

Şeýle önümçilige isleg soňky ýyllarda welayatda gurluşyklaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş ähmiýetli beýleki binalaryň gurluşygy has-da güýçlenmegi bilen baglydyr. Bu bolsa telekeçileriň gurluşyk materiallaryny öndürmäge höwesini artdyrýar.