Marynyň «Röwşen» aýakgap öndürýän kärhanasynda kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin on müň jübüt aýakgap öndürildi. Bu önümler aýakgap öndürijileriň yglan eden möwsümleýin çäresiniň çäklerinde ýerleşdiriler. 34, 39-njy ölçeglerde bolan çaga köwüşleri 40 göterime çenli arzan bahadan satylar. Çäräniň çäklerinde gowy hilli döwrebap aýakgaplar 200-230 manatdan satylar.
«Röwşen» HK döwrebap aýakgaplary öndüriji hökmünde 2003-nji ýylda abraýa eýe boldy. Şondan bäri «Röwşen aýakgaplary» haryt nyşanly köwüşler alyjylaryň islegli harydyna öwrüldi. Gowy hilli döwrebap aýakgaplar ýurdumyzyň dükanlaryna ýerleşdirilýär. Häzirki wagtda Mary welaýatynyň aýakgap öndürijileriniň önümleriniň giň görnüşi 30-dan gowrak söwda nokatlarynda satylýar. «Röwşen aýakgap» söwda belgili dükanlar Diýarymyzyň şäherleriniň ählisinde işleýär. Häzirki wagtda hususy kärhana aýakgap önümçiliginde esasan ýerli çig mal – ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa deri ulanýar. «Röwşen» HK ownuk mallaryň derisini almak, işlemek we hakyky arassa gön almak boýunça kuwwatly binýady bolan «Maksat-Deri» açyk paýdarlar jemgyýetiniň bölümleriniň biridir.
«Röwşen» HK aýakgap eksportyny-da güýçlendirýär. Kärhana Russiýanyň sebitleriniň köpüsine köwüş, borg, mokasin, gonçly aýakgap we başga-da ençeme görnüşli aýakgaplaryň müňlerçesini iberdi, şeýle hem Russiýada (Moskwa oblastynyň Domodedowo şäherinde) «Röwşen» HK-nyň bölümini açdylar.
Döwrebap kärhananyň gurluşygy «Röwşen» HK-nyň eksport mümkinçiligini has-da artdyrar, onuň kuwwaty günde erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen aýakgaplaryň 1,5 müňüsini çykarmaga mümkinçilik berer. Täze fabrikde ildeşlerimiziň 800-den gowragy üçin iş orunlary dörär. Onuň gurluşygyny 2024-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.