Aşgabatda Milli hasaplar ulgamyny (MHU) girizmegi goldamak üçin, maliýe hasabyny düzmek boýunça duşuşyk geçirildi.
Ol Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institutsional, statistik we maglumat-tehniki mümkinçiligini artdyrmak boýunça, BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamanyň çäginde guraldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýa gaznasynyň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş gullugynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň milli hasaplar ulgamynda maliýe hasaby we aktiwler hem passiwler deňlemesi düzülende ulanylýan maliýe gurallaryny toparlara bölmek boýunça Usuly görkezmäniň taslamasyna garadylar.
2008-nji ýylyň Milli hasaplar ulgamy (MHU-2008) derňew syýasatyny işläp düzmek üçin ulanylýan makroykdysady hasaplaryň hemme zady öz içine alýan, ulgama salnan we çeýe toplumyndan ybarat statistik esasdyr. Başgaça aýdylanda, bu, ýurduň ykdysady işiniň netijelerini häsiýetlendirýän özara baglanyşykly statistik görkezijiler ulgamydyr.
Onuň esasy artykmaçlygy bitewülik, açyk-aýdyňlyk we takyklykdyr, hasabatlylyk we netijelilik jähetden bolsa ýüki azaltmakdyr.