«Bereketli» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri etden tagamly nygmatyň täze görnüşlerini öndürmegi özleşdirdiler. Hojalyk jemgyýetiň dükanlarynda towuk we sygyr etlerinden taýýarlanan dürli önümler we «Çemen» şöhlatçasy ildeşlerimize hödürlenýär.
«Bereketli» HJ-nyň şöhlat önümleriniň, dürli et nygmatlarynyň giň görnüşi – kakadylan dürli tagamlar, towuk dolamasy, towuk bölekleri, gowurdak, «Hemdem» döş eti, «Nygmat» karbonaty we başga-da ençeme tagamlar müşderleri özüne çekýär. Hojalyk jemgyýetiniň öndürýan azyk önümleri abraýly sergilerde we bäsleşiklerde diplomlardyr hormat hatlaryna mynasyp boldy. Kärhana Londonda geçirilen önüminiň hili boýunça bäsleşigiň abraýly baýragyny-da eýeledi.
Ozal etden taýýarlanan önünler wagtlaýyn söwda nokatlarynda satylan bolsa, indi kärhana önümlerini döwrebap , sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen dükanlaryň 11-sinde ýerleşdirýär. Şeýle hem, Aşgabatda goşmaça demirýol wokzalynyň we «Azatlyk» bazarynyň golaýyndaky göçme dükanlar alyjylara hyzmat edýärler.
Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önüm öndürmek üçin hünärmenler – Daniýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Ispaniýanyň, ABŞ-nyň, Braziliýanyň, Russiýanyň, Belarusyň we beýleki ýurtlaryň ussat hünarmenleriniň tejribelerini öwrendiler. .
Ýeňillikli karz beren döwlet goldawy netijesinde Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda gurlan bu döwrebap kärhanada iş orunlarynyň 150-si döredildi.
HK täze sehde işletmek üçin Seydelmann, PSS Svidnik, Reich Thermoprozesstechnik GMBH kompaniýalarynyň innnowasion enjamlaryny satyn aldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy -«Bereketli» HJ – bazarlarda azyk bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşýan esasy telekeçilik düzümleriniň biridir.