A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri paýtagtymyzyň 72-nji çagalar bagynda myhmançylykda boldular. Olar körpeje tomaşaçylara iň gowy oýunlarynyň biri – «Saýry towşan» erteki-komediýany görkezdiler.
Oýun çagalar bagynyň howlusynda emeli sahnada görkezildi we körpejeler oňa höwes bilen tomaşa etdiler. Saz ýaňlanyp başlansoň, sahnada tokaýlyk we mekirje Tilki hem-de Möjek peýda bolýar. Olar öz “düzgünlerine” eýerip, tebigaty goramaýarlar-da, gaýta oňa zyýan ýetirmekçi bolýarlar. Oýnuň baş gahrymany – akylly we ugurtapyjy Saýry towşan olardan rüstem gelýär. Olardan üstün çykýan hoşamaý gahryman olara ýagşy sapak berýär. Tebigat baradaky alada we tokaýyň arassaçylygy hemmeleriň işine öwrülýär. Islendik ertekidäki ýaly, bu ertekiniň-de soňy gowulyk bilen gutarýar. Tokaýda parahatlyk, dostluk we agzybirlik ýola goýulýar. Muňa tokaýy arassalamaga howlugan çagalar ýürekden begendiler, soňra olar ertekiniň gahrymanlary bilen birlikde tans oýnap, aýdym aýtdylar.
Şadyýan çagalar bilen mähirli hoşlaşan Saýry towşan, Tilki we Möjek soňra, golaýdaky 71-nji çagalar bagyna bardylar, ol ýerde-de körpeler olara sabyrsyz garaşýardylar.
Režissýor Baýram Garajaýewiň häzirki zaman ýazyjysy Iwan Çernyşowyň pýesasynyň äheňinde A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda goýan erteki-komediýasynyň ilkinji görkezilişi şu ýylyň başynda bolupdy. Artistleriň aýtmagyna görä, ilkinji görkezilişden soň spektakl çagalaryň göwnünden turdy. Şonuň üçinem, teatryň oýunlarynyň arasynda bu erteki görnükli oruny eýeledi. Onuň baş gahrymany – batyrgaý, päkýürek we mähirli Saýry towşan körpeleriň ýüreginden turýar. Körpeler oýun görkezilýän wagty çagalara mahsus sadalyk bilen baş gahrymany goldap, oňa maslahat berýärler, yzygiderli şowhunly el çarpýarlar.
Teatryň repetuarynda çagalaryň göwnünden turýan otuza golaý spektakl bar. Olar çagalaryň halaýan türkmen- rus halk ertekileri, şeýle hem häzirki zaman ýazyjylarynyň, multiplikatorlarynyň eserleridir. Olaryň arasynda: «Böwenjik», «Hudaýberdiniň başdan geçirenleri», «Gyzyl Şyrdajyk», «Külçe», «Maşa we Aýy», «Üç jojuk», «Külembikejik», «Prostokwaşinoly üç kişi» we beýlekiler bar.
Teatr her ýyl paýtagtymyzyň çaglar baglaryna baryp çykyş edýär. Şeýle hem artistler Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine barýarlar.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we paýtagtymyzyň beýleki teatrlarynyň artistleri-de däp bolşy ýaly tomus günleri çagalar baglarynda, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çykyş edýärler. Olaryň çykyşlary çagalar üçin hemişe baýram. Çünki artistler mähirliligi, adalatlylygy, päk ýürekliligi öwredýän ertekileri görkezýärler, galyberse-de, çagalara üýtgeşik şatlyk, ýatdan çykmajak täsirleri peşgeş edýärler.