Ï Türkmenistan Merkezi Aziýada ulag we logistika ulgamyny ösdürmegi teklip edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Merkezi Aziýada ulag we logistika ulgamyny ösdürmegi teklip edýär

view-icon 6089
Türkmenistan Merkezi Aziýada ulag we logistika ulgamyny ösdürmegi teklip edýär

Türkmenistan Merkezi Aziýada ulag we logistika ulgamyny ösdürmegi teklip edýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji konsultatiw duşuşygynda aýratyn üns çekdi.

«Biziň ýurtlarymyzyň tagallalary baş maksada — kuwwatly, döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdirilip bilner we gönükdirilmelidir diýip hasaplaýaryn. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniňulag ulgamlarynyňbirleşdirilmegini üpjün edip bilerdi» –diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hususan-da, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňiz we Merkezi Aziýa — Pars aýlagy ulag ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz awgust aýynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini ýatlatdy. «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu foruma işjeň gatnaşmagyna umyt edýäris. Ol halkara ulag-logistik geçelgeleri döretmäge, olaryň maksatlaryny hem-de işiniň ýörelgelerine ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir» – diýip Arkadagly Serdarymyz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň çäklerinde sebitiň içinde, şeýle hem onuň daşynda, Merkezi Aziýadan Hytaýa hem-de Ýewropa daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň meseleleri bilen baglylykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

«Umuman, sebitiň ulag babatdaky ähmiýeti barada aýtmak bilen, biz ony Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň aýrylmaz bölegine öwürmek baradaky örän uly, ýöne anyk maksady öňde goýup bileris» – diýip Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.