21-nji iýulda GDA agza ýurtlaryň – Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Söwda we senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşi bu ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri üçin özara söwda boýunça wideokonferensiýa görnüşinde seminar gurady.
Duşuşykda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Mihail Myskin çykyş etdi.
Maslahata gatnaşyjylar GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Arkalaşyga agza ýurtlaryň özara söwdadaky päsgelçilikleri kesgitlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri bilen tanyşdylar we olary ýüze çykarmak hem aradan aýyrmak üçin işleri guramak barada pikir alyşdylar. Bu ugurdaky ädimleriň biri hem GDA agza ýurtlaryň ykdysady ministrlikleriniň we bölümleriniň wekilleriniň hemişelik iş toparyny döretmek baradaky teklip boldy.