Ï Türkmen we özbek dillerindäki aýdymlar ýaňlanar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen we özbek dillerindäki aýdymlar ýaňlanar

view-icon 18705
Türkmen we özbek dillerindäki aýdymlar ýaňlanar
Türkmen we özbek dillerindäki aýdymlar ýaňlanar
Türkmen we özbek dillerindäki aýdymlar ýaňlanar
Türkmen we özbek dillerindäki aýdymlar ýaňlanar
Türkmen we özbek dillerindäki aýdymlar ýaňlanar
Türkmen we özbek dillerindäki aýdymlar ýaňlanar
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Aşgabat şäheriniň 2-nji sungat mekdebiniň çagalar hory «Jüýp, jüýp, jüýjelerim...» diýip hoş owazda aýdym aýdýar. Tomus dynç alşy bolsa-da, olar bu ýerde her gün dabaraly çärä taýýarlyk görýärler: çagalar Aşgabatda «Doşkent» seýilgähiniň açylyşyna taýýarlanýarlar. «Jüýjelerim» çagalar aýdymy diňe bir bizde däl, eýsem Özbegistanda-da meşhur aýdym. Kompozitor Saparmyrat Kairow ony aranžirländen soň çagalar horunyň agzalary ony türkmen we özbek dillerinde aýdýarlar.

Saparmyrat Kairow hem mekdep müdiri wezipesini ýerine ýetirýär hem-de mekdebiň hor toparyna ýolbaşçylyk edýär. Mundan başga-da ol çagalar üçin hor aýdymlaryny döredýär. Ençeme ýyl bäri Saparmyrat Kairowiç Hudaýguly Gurbanow, Süleýman Ilamanow, Gülşirin Hanowa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Maral Annaýewa ýaly şahyrlar bilen hyhzmatdaşlyk edýär. Netijede şu şahyrlaryň goşgulary we Saparmyrat Kairowyň sazy bilen şadyýan çagalar aýdymlary peýda bolýar, olary ýurdumyzyň beýleki hor toparlary-da höwes bilen ýerine ýetirýärler.

--Çagalar hor toparyna höwes bilen gatnaýarlar—diýip, Saparmyrat Kairowiç gürrüň berýär—Hor topary paýtagtymyzda geçirilýän döwlet çäreleriniň köpüsine gatnaşýar, mekdebimiziň çagalary çykyş etmegi halaýarlar.

Hormeýsterlikden daşgary Saparmyrat Kairow mekdebiň «Altyn zehin» orkestriniňem dirižýory bolup, ol bu topar üçinem saz ýazýar. «Altyn zehin» orkestri Maral Annaýewanyň goşgusyna «Watan» aýdymy bilen tanalýar.

Mekdebiň «Ýaşlyk» akkordeonçyalr ansamblynyň repertuarynda hem Saparmyrat Kairowyň esereleri bar. «Bagtyýarlyk aýdymy» olardan has meşhurydyr. Irina Sarkisowanyň ýolbaşçylyk edýän bu ansamblyna «10 ak akkordeonly» hem diýýärler, çünki hormatly Arkadagymyz olaryň çykyşyny diňläp, her sazanda owadan ak saz guralyny peşgeş berdi. 2013-nji ýylda «Ýaşlyk» ansambly Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň hem ýeňijisi boldy.

Aşgabat şäheriniň 2-nji sungat mekdebinde çagalaryň wagty hemişe şadyýan hem-de gyzykly geçýär. Hat-da tomusky dynç alyş günleri-de mekdebe gelýärler. Öňde täze dynç alyş seýilgähiniň açylyşy garaşýar, oglanjyklardyr gyzjagazlar bu ýerdäki karusellerde aýlanarlar we höwes bilen doňdurma iýerler. Şonuň üçinem bu ýakymly waka hora gatnaýanlar we olaryň deň-duşlary üçin ýatdan çykmajak waka bolar.