Ï Möwsüme taýýarlyk işleri geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Möwsüme taýýarlyk işleri geçirilýär

view-icon 5230
Möwsüme taýýarlyk işleri geçirilýär

«Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda şu günler geçirilýän taýýarlyk işleri täze pagta hasylyny bökdençsiz gaýtadan işlemäge we ýokary hilli önüm öndürmegi üpjün etmäge niýetlenendir.

Taýýarlygyň dowamynda tehnologik enjamlaryň we önümçilik sehleriniň, çig mal ammarlarynyň, ýük ýükleýjiş-düşüriş meýdançalarynyň abatlaýyş işleri amala aşyrylýar. Bu toplumlaýyn işlerde desgalaryň daş-töwereginiň ekologiýa taýdan arassalygyna, önümçilik sehlerinde howanyň hapalanmagynyň we çig malyň toprak hem-de mineral tozanlar bilen zaýalanmagynyň öňüni alýan tozan sorujy enjamlar bilen üpjünçilgine aýratyn üns berilýär.

«Daşoguzpagta» onümçilik birleşiginiň düzüminde pagta arassalaýjy kärhanalaryň 9-sy, şol sanda Köneürgenç etrabynda ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän döwrebap kärhana we birbada 10 müň tonna pagta saklamaga niýetlenen pagta kabul ediji bar. Döwrebap tehnikadan başarnykly peýdalanylmagy, zähmeti guramagyň has netijeli görnüşleriniň yzygiderli özleşdirilmegi, pagtany gaýtadan işleýjilere öňde goýlan wezipelere hötde gelmäge we ýurduň dokma senagatynyň durnukly ösüşine, onuň eksport mümkinçiligini pugtalandarymaga ýardam edýär.