mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 158 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 4728

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly kaliý serişdesini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewürleri nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 158 müň dollaryndan gowrak boldy.