Ï Çagalar kompozitory Mämmetsapar Toýlyýew
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar kompozitory Mämmetsapar Toýlyýew

view-icon 6339

camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Mämmetsapar Toýlyýew indi 30 ýyl bäri M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda sapak berýär. Çagalaryň häzirki bagtyýar döwri onuň gözüniň alnynda geçýär. Aýdymlaryň temasy-da, äheňi-de şunuň bilen kesgitlenýär.

M. Toýlyýewiň döreden Ejegyz Çaryýewanyň sözlerine «Saglyk ýoly» we Derkar Ýaýlanowyň sözlerine «Altyn sagat aýdymy» olardan has meşhurlarydyr. Mämmetsapar Toýlyýewiň geçen döwürde döreden 200-den gowrak aýdymlaryny ýerine ýetirmek mekdep-internatyň okuwçylarynyň paýyna düşýär. Soňra ol aýdymlary welaýat, şäher we etrap sungat mekdepleriniň oglan-gyzlary ýerine ýetirýärler.

Kompozitor M. Toýlyýew häzirki wagtda döredýän dört bölümden ybarat simfoniýasyny ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna çenli tamamlamagy maksat edinýär. Eýýäm onuň iki bölümi taýyn. Aslynda ol dürli saz gurallary üçin 5 konsertiň, 5 sonatanyň, 1 poemanyň, birnäçe uwertýuradyr pýesanyň we 20-ä golaý partituranyň awtory. Ýöne onuň döredijiliginiň aglaba bölegi çagalar üçin aýdymlara bagyşlanan.

Kompozitor Mämmetsapar Toýlyýewiň hyzmatyna mynasyp baha berildi. Oňa «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly at dakyldy we ol «Watana bolan söygüsi üçin» medalyna mynasyp boldy.