Ï Türkmenistanda nesiller arasyndaky ilkinji söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda nesiller arasyndaky ilkinji söhbetdeşlik

view-icon 5764
Türkmenistanda nesiller arasyndaky ilkinji söhbetdeşlik

Her ýylyň 12-nji awgustynda bellenýän Halkara ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda nesiller arasynda ilkinji söhbetdeşlik geçirildi.

Ýaşlary ýaşuly adamlar bilen baglanyşdyran söbetdeşlik pikirdir tejribe alyşmaga ýardam etdi. Netijede, ýaşulular meýletinçilere öz durmuş tejribeleri, kitap okamagyň, zähmete, öz işlerine bolan söýginiň we hyjuwyň olara durmuş ýoluny saýlamaga kömek edendigi we üýtgäp durýan şertlerde ony has-da berkidendigi barada gürrüň berdiler. Ýaşlar hem öz islegleri we niýetleri barada gürrüň bermek bilen, ýaşuly nesliň wekillerinden maslahat soradylar.

Dürli nesilleriň özara dil tapyşmagy birek-biregiň gyzyklanýan zatlaryny bilmegi, olary goldamagy diýseň möhümdir. Bu söhbetdeşlikler-- päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, täze zatlary öwrenmäge we başgalara öwretmäge, şeýle hem üýtgäp durýan dünýäde yzygiderli ösmäge mümkinçilik berýär. Nesiller arasyndaky gepleşik, şeýle hem Türkmenistan hökümetiniň we BMG-niň «Ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak, ýaşlary pandemiýanyň saglyga howpuny azaltmak işine çekmek» atly bilelikdäki maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. BMG-niň Ynsan howpsuzlygy boýunça maksatlaýyn gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän bu maksatnama Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň döwlet hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde jemgyýetçilik başlangyçlaryny işläp düzmegi we durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.