Ï Önümleri saklamaga niýetlenen bina guruldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Önümleri saklamaga niýetlenen bina guruldy

view-icon 6223
Önümleri saklamaga niýetlenen bina guruldy

Daşoguz welaýatynda oba hojalyk önümlerini saklamak üçin sebitde ilkinji döwrebap sowadyjy ammar guruldy. Ony Daşoguz welaýatyndan,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Sarybaý Hanbaýew bina etdi.

Ruhubelent etrabynyň «Wasabad» geňeşliginde ýerleşýän täze bina 1,6 gektar meýdany tutýar. Onda uzak wagtlap hilini ýitirmezden dürli oba hojalyk önümlerini saklamaga mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalar ulanylar. Ammar birbada 350 tonna gök-miwe önümlerini saklamaga niýetlenendir. Sowadyjy ammar birnäçe bölümden ybarat bolup, olaryň ýörite enjamlary önümleri terligine saklamak we zaýalanmagynyň öňüni almak üçin oňaýly şertleri üpjün edýär.

Käbir guramaçylyk meseleleri çözülenden we gyzyklanýan önüm öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylandan soň ammar doly derejede işlemäge taýyn bolar.

Daşoguz welaýatynda şu ýyl oba hojalyk önümleriniň, şol sanda ýeralmanyň, soganyň, sarymsagyň, käşiriň, kelemiň we beýleki önümleriň öndürilişi has-da artdy, ýylsaýyn miwe hem-de bakja önümleriniň önümçiligi ýokarlanýar. Sebitiň oba hojalyk pudagynda, oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasynyň bolmagy netijesinde hususy haryt öndürijileriň-de sany yzygiderli artýar, degişlilikde ýetişdirilen hasyly saklamak we gaýtadan işlemegiň hasabyna ýörite önüm öndürmäge isleg hem ýokarlanýar. Dürli eýeçilikdäki sowadyjy ammarlaryň gurluşygy diňe bir atyzlardan ýygnalan oba hojalyk önümleriniň saklanylmagyny üpjün etmän, eýsem alyjylar bazaryna ýylboýy ter gök-miwe önümlerini ibermäge, ilat üçin olaryň elýeter bahadan bolmagyny gazanmaga hem mümkinçilik berer.