Ï Bugdaý ekişine taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bugdaý ekişine taýýarlyk görülýär

view-icon 8110
Bugdaý  ekişine  taýýarlyk  görülýär

Mary welaýatynyň daýhanlary güýzlük bugdaý ekişinde 170 müň gektara ak ekin ekmegi meýilleşdirýärler. Ýerleri ekişe taýýarlamak işleriniň guralyşyna we hiline “Mary obahyzmat”, “Marygalla” önümçilik birleşikleriniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň hünärmenleri ykjam gözegçilik edýärler.

-- Hasylyň ýokary bolmagy üçin ilkinji nobatda sagdyn, ýokary gögerijilikli we toprak-howa şertlerine uýgunlaşan tohumlar bolan : “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Batko”, ‘Bagrat” ýaly synagdan geçen tohumlar ekiler – diýip, “Marygalla” önümçilik birleşiginiň taýýarlaýyş bölüminiň müdiri Maksat Kerimow aýdýar. Buýdaý tohumlarynyň ýokary hasyl berýän görnüşlerini taýýarlamak işleri ýörite tohumçylyk synag hojalyklary tarapyndan alnyp barylýar. Olarda ýetişdirilen saýlantgy galla tohumlary 9 sany ýöriteleşdirilen tohumlyk galla nokatlaryna kabul edilýär. Ýolötendäki sort-synag merkezinde, S.A. Nyýazow adyndaky we Mary ylmy-önümçilik synag hojalyklarynda we olara berkidilen daýhan birleşiklerinde ýetişdirilýän saýlama bugdaý hasylyndan nobatdaky ekiş möwsümi üçin 39 müň tonnadan gowrak tohumlyk däne taýýar edildi.

“Mary obahyzmat” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri etraplarda bugdaý ekişinde ulanyljak ekiji gurallaryň we traktorlaryň taýýarlyk derejesini, olaryň ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjünçiligini birlaý gözden geçirdiler. Welaýat boýunça jemi 231 sany bugdaý ekiji tehnikany ulanmak meýilleşdirilýär. Ätiýaçlyk şaýlaryň birnäçe görnüşini ýerli bejeriş kärhanalarynda ýasamak hem ýola goýuldy.