Teatr möwsüminiň açylmagyna şähelçe wagt galdy. Teatrlaryň döredijilik toparlary tomus dynç alyşdan soň teatr muşdaklaryny täze oýunlar bilen garşylarlar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda:
20-nji awgustda, sagat 19:00-da «Hazyna»;
21-nji awgustda, sagat 19:00-da. «Gelinler» oýunlary görkeziler.
«Gelinler» komediýasy milli teatrlarymyzyň repertuarynda hemişelik ornaşyp, geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri sahnadan düşmän geliýär.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda:
20-nji awgustda, sagat 19:00-da «Körpe gelin»;
21-nji awgustda, sagat 19:00-da «Bir Selbiniň ýşkynda» atly oýunlara tomaşa edip bilersiňiz.
«Bir Selbiniň ýşkynda» oýny häzirki döwrümizde ýaşaýan ýaşlaryň umytdyr isleglerini beýan edýär.
A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry tomaşaçylar üçin awgust aýynyň 26-synda gapylaryny açar.
26-njy awgustda, sagat 12:00-da «Gyzyl şyrdajyk» we sagat 19:00-da «Uýalar»oýunlary görkeziler.
27- nji awgustda, sagat 12:00-da «Maşa we aýy»;
28-njy awgustda, sagat 11:00-da we 13:00-da «Aladdiniň jadyly çyrasy»;
28-njy awgustda, sagat 19:00-da «Ajaýyp kişi» oýunlary tomaşaçylara garaşýar.
«Uýalar» oýny rus ýazyjysy we dramaturgy Andreý Wasilýewiň pýesasyna esaslanýar. Bu durmuş hekaýatynda ýyl geçdigiçe biri-birinden daşlaşan iki uýanyň ykbaly hakda gürrüň berilýär. Köp ýyl geçenden soň, uýalaryň öňünde çynlakaý gürrüň keserip durýar. Bu duşuşygyň nähili ýagdaýda boljakdygyny oýna tomaşa edenler bilerler.