Türkmenistan şu ýylyň sentýabrynda boljak BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly ibermek boýunça kararnamalarynyň düzgünlerini ýerine ýetirmeklige dolanar. Bu barada ýurdumyzyň DIM-niň resmi web-saýtynda çap edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary baradaky habarda aýdylýar.
Habarda dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermekde çökgünlik ýagdaýlaryň artýanlygy, iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň we müşderileriň gatnaşyklaryndaky durnuksyzlygyň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüş üçin ählumumy töwekgelçilikleri döredýänligi sebäpli, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly ibermek boýunça kararnamalarynyň düzgünlerini ýerine ýetirmeklige dolanmagy göz öňünde tutýar. Şol kararnamalar 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilipdi.
Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň energiýa serişdeleriniň durnukly, ygtybarly üstaşyr iberilmegini düzgünleşdirmek boýunça häzirki zaman halkara hukuk guralyny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň açyk düzümli Halkara bilermenler toparynyň döretmek baradaky ozal hödürlän teklibini durmuşa geçirmek boýunça işler dowam etdiriler.