Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljekki 77-nji mejlisinde Milletler Bileleşigine ýurdumyzda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmegi teklip eder diýlip ýurdumyzyň DIM-i habar berýär.
Ministrligiň resmi web-saýtynda çap edilen habarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary barada aýdylýar.
Resminamada häzirki wagtda ýurtlaryň barha köpüsini we tutuş sebitleri öz içine alan azyk çökgünliliginiň ählumumy howpsuzlygyň tutuş ulgamyna juda çynlakaý wehimdigi bellenilýär. Şeýle ýagdaýlarda Türkmenistan emele gelen ýagdaýy ýeňip geçmek üçin gaýragoýulmasyz we degerli çäreleri görmek ugrunda çykyş edýär.
«Ählumumy azyk bazarynyň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň bu ugurdaky tagallalaryny goldap, Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmek teklip edilýär» – diýlip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynda nygtalýar.