Ï Aýakgap önümleri «UzCharmExpo-2022» sergisine gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aýakgap önümleri «UzCharmExpo-2022» sergisine gatnaşar

view-icon 7440
Aýakgap önümleri «UzCharmExpo-2022» sergisine gatnaşar

Türkmenistanly gönden ýokary hilli aýakgap öndürijiler 12-14-nji oktýabrda Özbegistanyň paýtagynda geçiriljek gön-aýakgap senagatynyň «UzCharmExpo-2022» 13-nji Halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşarlar.

«UzCharmExpo» ýylda iki gezek geçirilýän Merkezi Aziýada iri sergileriň biridir. Sergi meýdançasynda Russiýadan, Belarusdan, Türkiýeden, Hindistandan we beýleki ýurtlarda öndürilen aýakgap harytlary görkeziler. 

Türkmenistanyň «UzCharmExpo-2022» sergi-ýarmarkasyna gatnaşmak isleýän wekilleri ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyna degişli talapnama bermeli ýa-da (+993 12) 39 88 81 telefon belgiline jaň etmeli. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýerli gönden tikilen aýakgap önümçiligi barha ösýär. Belli türkmen brendleriniň arasynda «Röwşen», «MB Shouse», «Ýelken», şeýle hem «Sada» söwda belgili aýakgaplar bar. 

Ady agzalan haryt öndürijileriň önümleri ýurdumyzyň söwda nokatlaryna giňden ýaýrandyr. Haryt öndürijileriň käbiri Russiýa, Özbegistana we Owganystana aýakgap önümleriniň eksportuny ýola goýdy.