Ï Ýeralmanyň bol hasyly kemala getirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeralmanyň bol hasyly kemala getirilýär

view-icon 4520
Ýeralmanyň bol hasyly kemala getirilýär

Lebap welaýatynda şu ýyl 1 müň 400 gektar meýdana ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 666 tonna hasyl alyndy.

Ýakynda welaýatyň ekin meýdanlarynda 900 gektar ýerde güýzlük ýeralmanyň ekişi, bellenilen möhletde tamamlanyp, ýeralma ekilen meýdanlarda suwaryş işleri dowam etdirilýär.

Güýzlük ýeralmanyň ekiljek meýdanlarynyň öňünden saýlanylyp alynmagy, ekişden ozal topragyň organiki we mineral dökünler bilen gurplandyrylmagy, ýeralmanyň ýokary hasyl berýän, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, synagdan geçen tohumlarynyň saýlanyp alynmagy, ekiş işleriniň öz wagtyynda ýokary hilli geçirilmegi welaýatyň ekerançylarynyň meýilleşdirilen 12 müň 600 tonna güýzlük ýeralmanyň hasylyny aljakdyklaryna ynam döredýär.

Her gektardan 140 sentner hasyl almagy maksat edinýän lebaply babadaýhanlar häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine daýhan yhlasy bilen seredip, agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini alyp barýarlar. Ýylyň ýylyna welaýat boýunça bu ekiniň bol hasylynyň alynmagyna uly goşant goşýan Çärjew etrabynda 250 gektar, Dänew etrabynda 120 gektar, Saýat we Halaç etraplarynyň her birinde hem 180 we 160 gektar ýerde ýeralma ekilip, ekinlere ideg işleri has-da göwnejaý alnyp barylýar.