Ï “Türkmengaz” döwlet konsernine “PIONEER HOUSE GENERAL TRADING L.L.С” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmengaz” döwlet konsernine “PIONEER HOUSE GENERAL TRADING L.L.С” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi

view-icon 5313

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de “Türkmengaz” döwlet konsernini zerur bolan kompressorlar we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Pioneer House General Trading L.L.C” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.